Iň meşhur eplenýän smartfonlar belli edildi

  • 08.06.2022 08:13
  • 15k+

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň meşhur eplenýän smartfonlaryň sanawynda Samsung-yň gurluşlary öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýär. Bu barada Display Supply Chain Consultants kompaniýasynyň (DSCC) hasabatynda aýdylýar diýip, lenta.ru belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, birinji çärýekde eplenýän smartfonlaryň üpjünçiligi ýyllyk hasabynda 571 göterim ýokarlanyp, 2,22 mln birlige ýetdi. Ýokary görkezijilere garamazdan, rekord dereje 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde gazanyldy, şonda 4,2 mln gurluş satyldy. Bazaryň lideri 74 göterim paý alan Samsung boldy. Ikinji orunda 20 göterim paý bilen Huawei, onuň yzyndan hem hytaý brendleri ýerleşdi.
Birinji çärýegiň netijelerine görä, iň meşhur eplenýän smartfon Samsung Galaxy Z Flip 3 boldy. Üçlüge Galaxy Z Fold 3 we Huawei P50 Pocket girdi. Üpjünçiligiň 91 göterimi bu üç modeliň paýyna düşýär.

“2022-nji ýyl bazar üçin kyn ýyl bolsa-da, eplenýän smartfonlar güýçli ösüşi görkezer” – diýip, DSCC-nyň ýolbaşçysy Ross Ýang belleýär. Hünärmenleriň hasabyna görä, 2022-nji ýylda eplenýän smartfonlaryň üpjünçiligi 107 göterim ýokarlanyp, 16 mln birlikden geçer. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...