2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjy 32 ýygyndynyň 30-sy belli boldy

  • 07.06.2022 08:05
  • 25k+

Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 milli ýygyndynyň 30-sy belli boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

DÇ-2022 üçin Ýewropanyň milli ýygyndylarynyň arasyndan Belgiýa, Angliýa, Daniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Polşa, Niderlandlar, Portugaliýa, Fransiýa, Serbiýa, Horwatiýa, Şweýsariýa we Uels saýlandy. 
Günorta Amerika: Braziliýa, Ekwador, Argentina, Urugwaý.
Afrika: Gana, Marokko, Kamerun, Senegal, Tunis.
Aziýa: Eýran, Saud Arabystany, Katar (guramaçy ýurt hökmünde), Günorta Koreýa, Ýaponiýa.
Demirgazyk Amerika: ABŞ, Kanada, Meksika.
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň final ýaryşy 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriler.
Galan iki ýollama ugrunda Kosta-Rika bilen Täze Zelandiýanyň milli ýygyndylary (oýun 14-nji iýunda geçiriler), şeýle-de Peru – (BAE/Awstraliýa) (13-nji iýun) jübüti göreşer.


şu gün 08:32
1.7k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.1k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.1k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......