Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy

  • 06.06.2022 01:21
  • 4.4k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Parižde tamamlanan “Uly tuwulga” ýaryşy Roland Garros 2022-niň ýeňijisi boldy. Ýekşenbe güni Nadal finalda norwegiýaly Kasper Ruudy utdy – 6:3, 6:3, 6:0. Bu barada BBC News habar berýär.

36 ýaşly Nadal Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde bäşinji orny, 23 ýaşly Ruud bolsa sekizinji orny eýeleýär. Nadal Roland Garros-da gazanan ýeňşi boýunça rekord eýesi boldy, indi onuň hasabynda 14 titul bar.
Mundan başga-da, bu Nadalyň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde 22-nji ýeňşi bolup, bu hem rekorddyr.
Fransiýanyň Açyk çempionatyndan başga-da, ol iki gezek “Australian Open” we “Uimbldon” ýaryşlarynda, dört gezek US Open-de ýeňiş gazandy. 
Roland Garros 2022-niň umumy baýrak gaznasy 43 mln 600 müň ýewro barabar. Ýeňiji 2 mln 200 müň ýewro alar. 


04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....

21.04.2026 14:50
4.8k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....