Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öňüni çekdi

  • 04.06.2022 08:59
  • 17k+

3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly bezegine öwrülen «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolugra Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol düzümleriniň desgalarynyň bezegi babatda, şol sanda ýerasty geçelgeleriň hem-de ýol aýrytlarynyň ýanaşyk çäkleriniň milli bezeg usullaryny, hususan-da, özboluşly mozaika böleklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyryp, türkmen paýtagtynyň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna hem-de bagy-bossanlyga bürelmegine, şäherde nusgalyk arassaçylyk derejesiniň saklanmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.

Şol gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da welosipedli ýörişler geçirildi. 


22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....