Lexus RX krossoweriniň täze nesli bilen tanyşdyrdy

  • 03.06.2022 12:41
  • 22k+

Lexus RX krossoweriniň täze nesli bilen tanyşdyrdy. Bu eýýäm RX-iň bäşinji neslidir. Täze modeliň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berýäris.

RX-iň bäşinji nesli täze platformanyň üstünde gurlandyr — ol GA-K ( TNGA-nyň arhitekturasy) diýip belgilendi. Onuň aýratynlygy yzky täze podweskasyndadyr. Ol indi McPherson-nyň ýerine köpryçaglydyr. 2022-nji ýylyň Lexus RX-i, özünden öňki bilen deňeşdirilende, kuzowy gatyrak, onuň agyrlyk merkezi 15 mm pes, ulagyň özi bolsa 90 kg ýeňil çykdy. Ulagyň ganatlary we kapoty alýuminden ýasalansoň, agramy şeýle azaltmak mümkin boldy. Lexus RX geçen neslinden ýaýbaň (+25 mm, indi 1920 mm). Şol ýagdaýda teker bazasy 60 mm ulaldy.
Hereketlendiriji: diňe 4 silindr. V6 indi ýok. Bazalaýyn wersiýasy — bu motorynyň göwrümi 2,4 litr we kuwwaty 279 at güýjüne deň bolan (alynky ýa-da doly herekete getiriji) Lexus RX 350-dir.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....