Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda 40 ýyldan bäri kärendeçilik edýän daýhan bilen duşuşdy

  • 01.06.2022 09:42
  • 39k+

31-nji maýda Daşoguzda iş saparynda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutyna baryp, talyplar bilen duşuşmazdan öňürti, welaýatyň Gubadag etrabynda 40 ýyldan gowrak wagt bäri kärendeçilik usulynda işleýän ussat daýhan Täzebaý Ataýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Tejribeli kärendeçiniň belleýşi ýaly, onuň ata-babasy daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Zähmetsöýer daýhanyň üç ogly, bir gyzy bar, olaryň hemmesi daýhançylyk bilen meşgullanýar. Bu maşgalanyň 3,5 müň gektar kärende ýeri bolup, olar kärende ýerlerinde bugdaý, gowaça we mekgejöwen ösdürip ýetişdirýärler.

Kärendeçi daýhan özi bilen duşuşyp, pikir alşandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ekerançylykda mikrodökünleriň ulanylmagynyň, onuň bolsa topragyň arassalanmagyna, hasyllylygyň ýokarlanmagyna täsiri, şeýle hem tohumçylyk işini ylmy esasda kämilleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Alym Arkadagymyz daýhanyň tutuş halkymyz, ýurdumyz üçin bähbitli iş edýändigini aýdyp, kärendeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça öndürilen önümleri merkezleşdirilen usulda kabul etmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdi we daýhana asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......