Kubada hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

  • 31.05.2022 20:31
  • 5.9k+
Kubada hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

Kubanyň hökümeti adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde hökmany tertipde agyz-burun örtüklerini dakynmak baradaky talaby ýatyrdy. Bu barada Kubanyň telewideniýesine salgylanýan TASS habar berýär.

Karar 31-nji maýdan güýje girýär — indi örtük dakynmaklyk maslahat beriji häsiýete eýedir. Diňe koronawirus ýokanjynyň alamatlaryny özünde saklaýan adamlara we saglygy goraýyş edaralarynda örtük geýmek hökmanylygyna galýar.
Pandemiýanyň başyndan bäri Kubada COVID -19 bilen kesellän 1,1 milliondan gowrak adam hasaba alyndy. Şolardan 8529 adam ýogaldy.
2,2 million adamly, adanyň iň gür ilatly paýtagt şäheri bolan  Gawanada COVID-19 bilen bagly aglaba çäklendirmeler baryp ýazyň başynda aýrylypdy.


28.08.2023 11:47
21k+

Qantas awiakompaniýasy pandemiýa döwründe wepaly galan işgärlerine 7000 dollar bonus berer

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasyndan soň düzümini saklap galmak maksady bilen işgärlerine 2022-nji ýylyň başynda wada beren baýraklaryny paýnama we pul görnüşinde tölär. Qantas azyndan...

10.06.2023 16:56
7.1k+

BSGG: soňky bir aýda dünýäde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 47% azaldy

8-nji maýdan 4-nji iýuna çenli dünýäde 1,7 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 10,4 müňden gowrak adam aradan çykdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň penşenbe güni agşam beren habaryna görä...

26.04.2023 23:55
9.9k+

Ýaponiýa 29-njy aprelden COVID-19 sebäpli ähli giriş çäklendirmelerini ýatyrar

Ýaponiýanyň häkimiýetleri 29-njy aprelden koronawirus sebäpli hereket edýän girişde çäklendiriji çäreleri ýatyrmakçy bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär. Ilkibaşda çäklendirmeleri...

01.02.2023 10:14
10k+

ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy. "2020-nji ýylda ýurtda...