BSGG maýmyn mamasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy

  • 30.05.2022 07:40
  • 22k+

Dünýä jemgyýetçiligi adamlaryň arasynda maýmyn mamasynyň ýaýramagyna garşy bilelikdäki çäreleri görmelidirler diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) çagyryş bilen ýüzlendi.

"Häzir dogry çäreler görülse, belki-de biz aňsatlyk bilen onuň ýaýramagynyň öňüni alyp bileris" diýip, Ýewropanyň habar beriş serişdeleri BSGG-niň pandemiki we epidemiki keseller boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Silwii Brianyň sözlerini getirýär.

Aýratynam, onuň sözüne görä, ýurtlar bu ýokanja garşy waksinanyň ätiýaçlyklary barada özara maglumat alyşmalydyrlar. 

"Biz dünýäde waksinanyň elujunda näçe dozasynyň bardygyny takyk bilmeýäris, şol sebäpli ýurtlary özlerinde bar ätiýaçlyklar barada BSGG-ny habarly etmäge çagyrýarys" diýip, Brian sözüniň üstüne goşdy.

BSGG-niň berýän maglumatyna görä, ýigrimiden gowrak ýurtda mamanyň bu görnüşi bilen kesellän adamlar ýüze çykaryldy. 
Maýmyn mamasy - Merkezi we Günbatar Afrikanyň çet-gyra etraplarynda hasam giňden ýaýran seýrek  ýokanç keseldir. Onuň alamatlary - ýürek bulanma, gyzgynyň galmagy, örgün, gijilewük, şeýle hem bedeniň etinde agyry duýmak. Sebitiň daşynda kesellenilmegi, aglaba, epidemiologiýa taýdan ýaramaz hasaplanýan zolaklara gidilmegi bilen baglydyr. Ýokanç gatnaşygyň üsti bilen ýaýraýar, ýöne onuň wirulentligi ýokary däl.


düýn 12:08
5.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......