Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen at dakyldy

  • 27.05.2022 08:15
  • 33k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanymyzyň şan-şöhratly ösüşlerini çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezdi, şeýle-de eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy hökmünde uly abraýa eýe boldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......