Gebreýesus ikinji möhlete BSGG-niň ýolbaşçylygyna saýlandy

  • 25.05.2022 08:59
  • 6.4k+

Tedros Gebreýesus ikinji gezek Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktorlygyna saýlandy diýip, BSGG-niň saýtynda habar berilýär.

"Onuň täzeden saýlanmagy Ženewada geçen  75-nji Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda tassyklandy. Ol ýeke-täk dalaşgär boldy" - diýip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Gebreýesus 2017-nji ýylda BSGG-niň baştutany bolupdy. Düzgüne laýyklykda, guramanyň baş direktorynyň diňe bir gezek täzeden saýlanmaga hukugy bar. Onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyl. Täze mandat şu ýylyň 16-njy awgustyndan güýje girýär.
Saýlaw prosessi 2021-nji ýylyň aprelinde, BSGG-niň agzalygyna girýän döwletlerden teklip edilýän dalaşgärler hakynda teklipler ýygnalyp ugranda başlapdy. Gebreýesusy dalaşgär hökmünde guramanyň ýerine ýetiriji komiteti öňe sürdi. BSGG-de görkezişleri ýaly, Gebreýesus guramanyň işiniň dünýä derejesinde netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, onda "giňmöçberli özgertmeleri" geçirmäge başlady, COVID-19 pandemiýasy, Kongoda ebola ýokanjynyň möwjeýän döwürlerinde we ş.m. BSGG-niň işine ýolbaşçylyk etdi.
Gebreýesus - Efiopiýada doglan. 2012-2016-njy ýyllarda bu ýurduň daşary işler ministri, 2005-2012-nji ýyllar aralygynda saglygy goraýyş ministri  boldy. Şeýle hem SPID, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşýän jemgyýetçilik guramalarynda işledi. 


08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....