Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr

  • 24.05.2022 11:41
  • 18k+

Dünýäniň iň baý on adamynyň baýlygy planetanyň iň garyp ilatynyň 40%-iniň – 3,1 mlrd adamyň toplan pulunyň umumy möçberinden ýokarydyr. Bu barada Oxfam halkara haýyr-sahawat we ynsanperwer guramasynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onda, umuman, dünýäde 2 688 milliarderiň bardygy we munuň iki ýyl ozalkydan 573 milliarder köpdügi, şeýle-de olaryň umumy baýlygynyň 12,7 trln dollara deňdigi bellenilýär. Gurama iň uly 20 sany dollar milliarderiniň emläginiň Saharanyň günortasyndaky Aftikanyň JIÖ-den ýokarydygyny görkezýär. Hünärmenler koronawirus pandemiýasy başlany bäri, statistika görä, dünýäde her 30 sagatdan täze milliarderiň dörändigini belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde soňky iki ýylda milliarderleriň umumy emlägi geçen 23 ýyla garanyňda has köpeldi. Häzirki wagtda olaryň umumy baýlygy global JIÖ-niň 13,9%-ine deňdir, bu bolsa 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende üç esse ýokarydyr. Ykdysatçylar, hususan-da, energetika we azyk pudagynda işleýän kompaniýalaryň eýeleriniň soňky döwürlerde has uly girdeji gazanandyklaryna ünsi çekýärler – iki ýylda 453 mlrd dollar. 

şu gün 13:03
553

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
992

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
645

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
2.9k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......