«Milan» 11 ýyldan soň, ýene-de Italiýanyň çempiony boldy

  • 23.05.2022 08:08
  • 8.5k+

Italiýanyň çempionatynyň jemleýji 38-nji tapgyr duşuşygynda «Milan» 3:0 hasabynda «Sassuolo» klubundan üstün çykyp, A Seriýa çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Gollary Oliwýe Žiru (17-nji, 32-nji minutlar» we Frank Kessýe (36) geçirdi.
«Milan» 86 utuk toplap, çempionaty ikinji orunda barýan «Interden» iki utuk öňde tamamlady. «Inter» jemleýji tapgyrda «Sampdoriýadan» 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde, «Milan» 11 ýyl soňra (soňky çempionlyk 2010/11 möwsümde gazanyldy) ýene-de Italiýanyň çempiony adyna eýe boldy.


düýn 10:10
4.8k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.3k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.3k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
9k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....