IDC 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlary aýtdy

  • 22.05.2022 07:50
  • 16k+

Apple kompaniýasynyň iPhone 13 we Samsung kompaniýasynyň Galaxy A12 smartfonlary 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylýan smartfonlar boldy. Şeýle maglumatlary IDC kompaniýasynyň analitikleri berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Bellenilişi ýaly, iPhone 13 smartfon alyjylaryň arasynda meşhurlygy boýunça birinji orny eýeledi. Ikinji orny bolsa Apple-den flagmanyň iň gymmat wersiýasy – iPhone 13 Pro Max aldy. Iň köp satylýan smartfonlaryň üçlügini Samsung-yň başlangyç derejeli smartfony Galaxy A12 jemledi. 

Meşhurlygy boýunça indiki smartfonlar iPhone 13 Pro we orta derejeli Galaxy A32 boldy. IDC kompaniýasynda satylan gurluşlaryň umumy sany hem-de telefonlaryň her biriniň bazar paýy mälim edilmedi. Hünärmenler iPhone 13 mini smartfonyna bildirilýän islegiň beýleki modeller bilen deňeşdirilende azdygyny bellediler. Ol bäşlige-de girmedi. Bu hem Apple kompaniýasynyň iPhone mini-den ýüz öwürmekçidigi baradaky gürrüňleri ýene bir gezek düşündirýär. 

Umuman alanyňda, iPhone 13 maşgalasy iPhone-iň 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýyndaky umumy girdejisiniň 84%-ini emele getirýär. Girdejiniň galan bölegi iPhone SE (2022) we iPhone 12 hem-de iPhone 11 modelleriniň paýyna düşýär. Analitikler iPhone 14 hasam üstünlikli bolar diýip hasaplaýarlar.


şu gün 10:19
1k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

düýn 11:20
1.5k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

düýn 10:14
276

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...

18.02.2026 09:48
1.3k+

Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar...