Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň ozalky Prezidenti bilen duşuşdy

  • 20.05.2022 08:20
  • 13k+

19-njy maýda günüň ikinji ýarymynda Kazan Kremlinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň umumymilli dabaralara, iri halkara çärelere bilelikde gatnaşmagynyň asylly däbe öwrülendigi hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi bellenildi. 
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mintimer Şaýmiýewiň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolan döwründe uzak ýyllaryň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Oňa mahsus durmuş parasatlylygy we syýasy öňdengörüjilik ählumumy ykrarnama eýe boldy. Häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi bolmak bilen, Mintimer Şaýmiýew eziz Watanyna tutanýerli hyzmat etmegini ýadawsyz dowam etdirýär.
Duşuşygyň barşynda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak boýunça “Wozroždeniýe” respublikan gaznasynyň işi baradaky ekspozisiýa bilen tanyşdyrdy, gaznanyň ozalky durmuşa geçiren we täze taslamalary barada gürrüň berdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......