Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada çagyrdy

  • 20.05.2022 19:09
  • 20k+

19-njy maýda günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesi nygtaldy. Munuň özi taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde golaýda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksada laýykdygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......