Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi

  • 19.05.2022 14:53
  • 22k+

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek kişi diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda bu barada degişli ýazgy peýda boldy. Huan Winsente Mora 1909-njy ýylyň 27-nji maýynda on çagaly uly maşgalada dünýä inipdir diýip, UPI habar berýär.

Mora köp ýyllaryň dowamynda fermer bolup işleýär, iň soňky ekin ýerini bolsa ol 104 ýaşyndaka satýar. 1937-nji ýylda öýlenipdir, ýöne aýaly 1997-nji ýylda aradan çykýar. Onuň 11 çagasy, 41 agtygy, 18 çowlugy we 12 ýuwlugy bar. Uzak ýaşly bu garry öz adyny 113 ýaşamagyna birnäçe gün galanda alýar.

Mora her täze gününi bir bulgur kofe içmekden we maşgalasy bilen ertirlik edinmekden başlaýandygyny aýtdy. Ol jany-teni bilen berlen katolik. Onuň sözlerine görä, durmuşdan onuň esasy öwrenen zady — bu «Biribara, maşgalaňa söýgi, ýene bir zat, işe gitmek üçin biz ir turmaly».
Huan Winsente Mora, ondan öňki uzak ýaşly ispan Saturnino de la Fuente Garsiýa 18-nji ýanwarda 112 ýaşynyň içinde ýogalandan soň, rekordsmen diýip yglan edildi.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....