Hindistan gallanyň eksportyny gadagan etdi

  • 17.05.2022 07:38
  • 17k+

Hindistan gallany eksport etmegi gadagan etdi, bu karar dessine güýje girer. Bu barada Respublikanyň Söwda we senagat ministrliginiň Daşarky söwda boýunça baş müdirligi şenbe güni habar berdi diýip, TASS-a salgylanýan Trend habar berýär.

«Köp sanly ýagdaýlaryň täsiri astynda, dünýäde gallanyň bahasynyň birden göterilendigini nazara almak bilen, içerki bahalaryň ösüşine gözegçilik etmek boýunça çäreleriň çäklerinde şeýle karara gelindi» diýip, edaranyň habarynda aýdylýar.

Ol 13-nji maýa çenli goýberilen, yzyna alynmaýan akkreditiw hatlar boýunça däne önümlerini daşyna tabşyrmaga rugsat berýär. Hindistanyň hökümetiniň girizen gadagançylygynyň ýene bir kadadan çykmasy hökmünde: beýleki ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gallany olaryň hökümetleriniň haýyşy boýunça  eksport etmek diýip agzaldy.

Hindistan mart aýynda ýakyn wagtda gallany  dünýä eksport etmek boýunça öňdebaryjy bolmaga gönükdirilen çäreleri görmäge meýillenýändigini mälim etdi. Emma bir topar sebäplere görä, şol sanda bu dänäniň ösdürilip ýetişdirilýän etraplarynda güýçli yssy sebäpli, indi respublikanyň içerki bazarynda hem bu ekiniň ýetmezçiliginiň döremeginden howatyrlanyp ugradylar.


11.06.2026 22:18
7.6k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......