Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin Abu-Dabi şäherinde boldy.
BAE-niň Abu-Dabi şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň wekilçilikli toparyny BAE-niň energetika, strategik ösüş ministri Suheýil Al Mazrouy garşy aldy.
Abu-Dabide bolmagynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň uly ogly Şeýh Soltan Bin Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyz gynanjyny beýan edip, iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösmeginde BAE-niň merhum Prezidentiniň aýratyn tagallarynyň bolandygyny nygtady. Onuň BAE üçin bolşy ýaly, tutuş sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagynda bitiren hyzmatlary bellärliklidir.
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy we BAE-niň beýleki resmi adamlary hajy Arkadagymyza hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryna şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendikleri hem-de BAE-niň halkyna medet beriji sözleri aýdandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we munuň özleri üçin hem-de BAE-niň tutuş halky üçin uly mertebedigini nygtadylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň adyny göterýän dünýädäki ajaýyp metjitleriň biri bolan Şeýh Zaýed metjidine bardy we Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň aramgähine zyýarat etdi. Metjitde merhumyň hormatyna aýat okaldy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentiniň ruhuna degsin edip, keramatly Gurhandan süreler okady we halklaryň bagtyýarlygynyň, ýurtlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işleriň rowaç almagyny dileg etdi.
Soňra hajy Arkadagymyz metjitde goýlan Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg edip, ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Şeýh Zaýed metjidiniň wekili hormatly Arkadagymyza bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hem-de dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän kitaplary gowşurdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.