Erling Holand «Mançester Siti» bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşar

  • 10.05.2022 23:22
  • 8k+

Dortmundyň «Borussiýasynyň» norwegiýaly futbolçysy Erling Holand "Mançester Sitä" geçer. Bu barada Twitterde žurnalist Fabrisio Romano ýazýar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, 9-njy maýda 21 ýaşly hüjümçi klubda lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçdi. Şu hepde dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň biriniň  topar bilen bäş ýyllyk şertnama baglanyşmagyna garaşylýar. 
Holandyň hepdelik aýlyk haky 375 müň funt töweregi bolar. Angliýanyň topary futbolça 60 milliondan 75 million ýero çenli däniş hakyny tölär.
Geçen möwsümde Holand ähli turnirlerde 29 oýny geçirdi. Hüjümçi  28 sany salan goly we topy sekiz gezek netijeli geçirmegi bilen at gazandy. 
Holand 2020-nji ýylyň ýanwarynda "Borussiýanyň" oýunçysy boldy. Norwegiýalynyň baglaşan şertnamasynyň möhleti 2024-nji ýylda tamamlanýar. Transfermarket portaly oňa 150 million ýewro baha kesýär.  


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......