Awtomobillerde ilkinji gapdal görnüş aýnasy haçan peýda boldy

  • 10.05.2022 16:05
  • 18k+

Awtomobiller hemişe biziň häzirki wagtda görşümiz ýaly däldi. Awtomobilde howpsuzlyk kemerleri, peç, kondisioner, faralar we hatda aýnalar hem birden peýda bolmady, munuň üçin ençeme ýyl gerek boldy. Mysal üçin, howpsuzlyk kemeri diňe synaglaryň barşynda ol ýol heläkçiligi wagtynda şikes almak töwekgelçiligini peselder diýen netijä gelnenden soň girizildi. Gapdal görnüş aýnasy, awtomobillere girizileni bäri, birnäçe üýtgeşmeleri başdan geçirdi.

Awtomobiller näçe uly we çylşyrymly boldugyça, olaryň komponentleri hem şeýle bolýar. Gapdal görnüş aýnasy birwagtlar diňe goşmaça bolan bolsa, häzirki wagtda ol hereket zolagyna gözegçilik edýän howpsuz, ýygnalýan tehnologiýadyr.
Ilkibaşda awtomobil kompaniýalary tapgyrlaýyn çykýan awtomobillerde aýna hödürlemeýärdiler. Sebäbi öndürijiler şeýle pikir edýärdiler: “Bir zolakly we iki zolakly ýollarda olar näme üçin gerek bolar”.
Awtomobil ýaryşyna gatnaşyjy Reý Harroun başgaça pikir edýärdi, ilkinji yzky görnüş aýnasy hem şoňa degişli diýlip hasaplanylýar. Ol aýnany 1911-nji ýylda Indy 500 ýaryşyndan öň özüniň Marmon Wasp awtomobiliniň kapotyna dakýar. Ol bu ýaryşda ýeňiş hem gazanýar. Soňrak inžener Elmer Berger 1921-nji ýylda “Cop-Spotter” gapy aýnasyna patent almak üçin arza tabşyrýar.

Awtomobillere goşmaça hökmünde aýnalar köp zolakly ýollaryň peýda bolmagyna getiren 1956-njy ýylda ABŞ-da Federal awtomagistrallar baradaky kanun kabul edilenden soň has meşhur bolup başlaýar. 1966-njy ýylda ABŞ-da kabul edilen Ýol hereketiniň we awtotransport serişdeleriniň howpsuzlygy hakyndaky kanun yzdan görnüş ýaly howpsuzlyk ülňülerine seretdi, ol aýnalary talap etmese-de, olar ähli awtoulaglarda standart we hökmany bolup başlady.
Awtomobil tehnologiýalary barha kämilleşýär. Häzirki awtoulaglary diňe bir yzky görnüş aýnasy däl, eýsem, kondisioner we beýleki birnäçe opsiýalar bolmazdan hem göz öňüne getirmek kyn.

düýn 20:53
1.8k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
2.6k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 12:41
2.3k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......