ESPN APL-iň şu möwsümdäki iň gowy transferini aýtdy

  • 08.05.2022 18:53
  • 12k+

ESPN Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) şu möwsümdäki iň gowy transferleriň reýtingini neşir etdi. Sanawda birinji orny “Brentforda” geçen daniýaly ýarym goragçy Kristian Eriksen eýeledi, ikinji orunda “Liwerpulyň” kolumbiýaly hüjümçi ýarym goragçysy Luis Dias ýerleşdi. Iň gowy transferleriň üçlügini “West Hemiň” angliýaly goragçysy Kreýg Douson jemleýär.

Şeýle-de, ilkinji bäşlige “Kristal Pelasyň” angliýaly hawbeki Konor Gallaher we “Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu girdi.

  1. Kristian Eriksen (“Brentford”, mugt);
  2. Luis Dias (“Liwerpul”, 37 mln funt);
  3. Kreýg Douson (“West Hem”, 2 mln funt);
  4. Konor Gallaher (“Kristal Pelas”, karz);
  5. Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”, 13,5 mln funt);
  6. Martin Edegor (“Arsenal”, 30 mln funt);
  7. Den Bern (“Nýukasl”, 13 mln funt);
  8. Mark Gehi (“Kristal Pelas”, 18 mln funt);
  9. Bruno Gimaraes (“Nýukasl”, 35 mln funt);
  10. Žoze Sa (“Wulwerhempton”, 7 mln funt).

düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6.1k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....

18.04.2026 23:43
6.9k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....