FAO: aprelde azyk harytlarynyň bahasy mart bilen deňeşdirilende birneme peseldi

  • 08.05.2022 18:41
  • 12k+

Aprel aýynda azyk harytlarynyň global bahasy mart aýyndaky rekord görkezijiler bilen deňeşdirilende birneme peseldi. Bu barada BMG-niň Azyk harytlary we Oba hojalygy guramasy (FAO) habar berdi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda FAO-nyň azyk önümleriniň baha indeksiniň ortaça görkezijisi 158,5 punkt boldy, bu bolsa mart aýynda bellige alnan rekord görkezijiden 0,8 göterim pesdir. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 29,8 göterim ýokarydyr.

Aprel aýynda bahalaryň arzanlamagy ösümlik ýagynyň bahasynyň pese gaçmagy, şeýle-de däne ekinleriniň bahasynyň birneme peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde şeker, et we süýt önümleri gymmatlamagyny dowam etdirdi.
FAO-nyň hünärmenleri däne ekinleri üçin bahanyň pese gaçmagyny Argentinadan we Braziliýadan möwsümleýin hasyl üpjünçiligi bilen düşündirýärler. Aprel aýynda bugdaýyň bahasy 0,2 göterim ýokarlandy. 
Süýt önümleri barada aýdylanda, aprel aýynda ol Günbatar Ýewropada we Okeaniýada süýt önümçiliginiň möwsümleýin derejeden pes bolmagy sebäpli mart aýyna garanyňda gymmat boldy. 
Aprel aýynda et 2,2 göterim gymmatlap, mart aýyndaky rekord görkezijiden ýokary boldy. Guş etiniň bahasy Ukrainadan eksport üpjünçiliginiň kesilmegi we Demirgazyk ýarym şarynda guş dümewiniň ýaýramagy sebäpli dörän global hödürlemäniň peselmegi esasynda güýçli hyrydarlyk sebäpli ýokarlandy. Doňuz etiniň bahasy Günbatar Ýewropada soýulýan mallaryň baş sanynyň azalmagy we esasy öndüriji ýurtlarda içerki islegiň ýokary bolmagy bilen baglylykda ýokarlanmagyny dowam etdirdi.
Sygyr etiniň global bahasy Braziliýadan uly eksport möçberi sebäpli birneme ýokarlandy. Goýun eti barada aýdylanda, pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäreleri we Hytaýyň portlaryndaky gijikdirmeler bu ýurtdan et satyn alyşlarynyň azalmagyna, netijede onuň bahasynyň birneme pese düşmegine getirdi. 


23.01.2026 11:22
807

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

23.01.2026 11:04
996

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...

23.01.2026 10:56
1.2k+

Aşgabatdaky forumda howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir...

22.01.2026 14:49
1.5k+

Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy...