Geçen 4 aýda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 07.05.2022 15:15
  • 9.5k+

Hökümetiň 6-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Dşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7 göterime, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Býujetiň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy ulgamlaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanynyň garamagyna Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artdyrylmagyna Türkmenistanyň gatnaşmagy hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi we ol makullanyldy.


şu gün 18:07
365

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy...

şu gün 17:59
2.9k+

Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklaryna 194 sany täze awtotehnika gelip gowuşdy

Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklarynyň awtoparky Aşgabat şäher häkimliginiň ygtyýaryna berlen 194 sany täze ulaglar we tehnikalar bilen dolduryldy. Täze tehnikalar şäher infrastrukturasyny arassalamak, abadanlaşdyrmak we oňa hyzmat etmek üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär...

şu gün 16:19
493

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň...

şu gün 16:15
529

Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 64-nji mejlisi geçirildi

10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Türkmenistanyň...