«Liwerpul» «Willarealy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 04.05.2022 06:56
  • 10k+

Iňlisleriň «Liwerpul» kluby Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynda ispanlaryň «Willarealyndan» üstün çykdy.

Willareal şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. «Liwerpulyň» düzüminde gollary Fabinýo (62-nji minut), Luis Dias (67) we Sadio Mane (74) geçirdi. «Willarealdan» Bulaýe Dia (3) we Fransis Koklen (41) tapawutlandy.
Bu klublaryň arasynda Liwerpulda geçirilen birinji duşuşyk iňlisleriň peýdasyna 2:0 tamamlanypdyr.
«Liwerpul» taryhynda onunjy gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykmaga hukuk gazandy. Iňlis kluby bu ýaryşda alty gezek ýeňiji bolupdy. 

Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy şu gün geçeriljek «Real» — «Mançester Siti» klublarynyň jogap duşuşygynda belli bolar (birinji oýunda iňlisler 4:3 ýeňdi).
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 28-nji maýda Fransiýada «Stad de Frans» stadionynda geçiriler.


şu gün 16:06
4.1k+

«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok

Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar...

şu gün 14:32
1.5k+

«Nýukasl» APL-iň taryhynda iň giçki ýeňiş goluny geçirdi

«Nýukaslyň» wingeri Harwi Barnsyň Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Lidse» garşy oýnunda geçiren goly Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň giçki ýeňiş goly boldy. OptaJoe-niň X sosial ulgamynda habar berşi ýaly, gol duşuşygyň 102-nji minutynda, has takygy, 101:48-de girizildi...

şu gün 13:26
2.3k+

«Barselona» «Atletigi» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

Kataloniýanyň «Barselonasy» Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda Bilbaodan «Atletik» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Barsanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy. «Barselona» eýýäm birinji ýarymda 4 gol geçirip, oýnuň netijesini kesgitledi...

düýn 23:18
4.4k+

Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy

Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi...