2022-nji ýylyň I çarýäginde has üstünlikli smartfon öndürijisi belli boldy

  • 03.05.2022 13:29
  • 15k+

Apple 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde enjam üpjünçiligini ýokarlandyran ýeke-täk smartfon öndürijisi boldy. Bu barada “MacRumors” neşiri ýazýar.

Media žurnalistleri Strategy Analytics, Canalys we IDC analitiki kompaniýalarynyň ýanwar-mart aýlarynda telefon üpjünçiligine degişli hasabatyny seljerdiler. Şondan soň awtorlar has üstünlikli smartfon öndürijisini belli etdiler. Şeýlelikde, diňe Apple birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, iberilişi artdyrypdyr.
Awtorlar Canalys-yň maglumatlaryna salgylandylar, oňa laýyklykda ýylyň ilkinji üç aýynda Apple bazarda 56,5 mln birlik ýerledi, bu bolsa 2021-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda, sekiz göterim köpdür. Kompaniýa 15 göterim paýyny saklady. Bazaryň lideri bolan Samsung bolsa 73,7 mln gurluş iberdi, ýöne üpjünçilik dört göterim azaldy.


12.05.2026 14:43
7.3k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......