Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy

  • 28.04.2022 08:23
  • 16k+

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häkimlik edýän "Amanat" atly partiýanyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny öz boýnundan aýyrmagy we ondan çykmagy karar edendigini mälim etdi. Bu barada TengriNews habar berýär.

"Şu günden başlap men "Amanat"-yň başlygynyň ygtyýarlyklaryny boýnumdan aýryp, partiýadan çykmaly diýen karara geldim. Bu ädimiň simwoliki manysy bar" - diýip, Tokaýew "Amanat"-yň gurultaýynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, döwletiň baştutany hiç bir partiýa artykmaçlyk bermeli däldir.

"Bu meniň garaýşym. <...> Partiýa ýerine ýetiriji häkimiýete bagly däl bolsa, oňa halkyň ynamy güýçlenýär, abraýy artýar" - diýip, Tokaýew mälim etdi. 

Partiýanyň täze başlyklygyna Tokaýewiň hödürlän dalaşgärini - respublikanyň parlamentiniň (mejlisiniň) aşaky palatasynyň spikeri Ýerlan Koşanowy saýladylar. "Ýerlan Žakanowiçiň ýokary guramaçylyk ukyby bar, ol terjibesi ýetik, işini bilýän raýat" - diýip, Gazagystanyň prezidenti aýtdy.
Tokaýewi häkimlik edýän partiýanyň başlyklygyna 2022-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda saýlapdylar. Şol wagt partiýa "Nur Otan" ("Watan Nury") diýip atlandyrylýardy. Tokaýewden öň oňa Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew baştutanlyk edipdi.


23.04.2026 10:49
4.2k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......