Nissan konserni Datsun awtomobiliniň önümçiligini bes eder

  • 27.04.2022 04:26
  • 6.3k+

Ýaponiýanyň Nissan Motor konserni Datsun brendi bilen awtomobil öndürmegi bes eder. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi. Muny TASS-a salgylanyp, Trend ýetirýär. 

Onuň maglumatlaryna görä, Nissan boşadylan resurslary elektromobilleriň önümçiligini ösdürmäge gönükdirmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, Datsun-y öndürmegi bes etmek baradaky kararyň ýene bir sebäbi islegiň pese gaçmagydyr. Awtobazaryň gözlegleri bilen meşgullanýan Ýaponiýanyň MarkLines firmasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende (87 300) 90% az Datsun (takmynan, 6 400) satyldy. 
Datsun markasy bilen ýapon awtoulaglary 1931-nji ýyldan 1986-njy ýyl aralygynda çykaryldy. 2012-nji ýylda Nissan ýörite Russiýa we beýleki daşary ýurtlar üçin Datsun brendini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Şol ýyl “Awtowaz” we Nissan Manufacturing Rus Datsun brendi bilen awtomobil işläp düzmek, önümçilige taýýarlamak we ýygnamak barada şertnama baglaşdy.
2020-nji ýylda Nissan biznesi üýtgedip gurmak meýilnamasynyň çäginde Russiýanyň bazarynda Datsun awtomobilleriniň önümçiligini bes edýändigini habar berdi. 


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....