ICE biržasynda Brent nebitiniň bahasy bir barrel üçin 103 dollardan aşak düşdi

  • 25.04.2022 15:09
  • 3.1k+

2022-nji ýylyň iýun aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda pese gaçyşyny 3,83%-e çenli artdyryp, bir barrel üçin 102,55 dollara ýetdi. Muny söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

Aşgabat wagty bilen sagat 11:17-däki ýagdaýa görä, Brent-iň bahasy barreline 102,96 dollar derejesindedi, bu geçen sessiýanyň ýapylyş derejesinden 3,46% pesdir. Soňky gezek Brent-iň bahasy 12-nji aprelde bir barrel üçin 103 dollardan aşak düşdi.
Aşgabat wagty bilen sagat 11:32-ä çenli WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 3,89% pese düşüp, barreline 98,08 dollara ýetdi.


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...