2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Tatarystanyň haryt dolanyşygy 77,5 mln dollara barabar boldy

  • 25.04.2022 18:56
  • 7k+

2021-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň peselendigi bellige alyndy. Ol 77,5 mln dollara deň boldy, bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 27% pesdir. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada bolan iş saparynyň dowamynda aýtdy.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistana «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin we «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow dagy bilen bilelikde  geldi diýip, Respublikanyň prezidentiniň metbugat gullugy ýazýar.
Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Tatarystanyň baştutany hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatlyklaryň, aýratynam, nebit gözlegi, nebit çykarmak, nebit daşamak, awtoulag, awia, gämi gurluşyk, himiýa önümleri bilen üpjün etmek  ýaly ugurlarda kuwwatlyklaryň bardygyny belledi.
Wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň netijesinde birgiden şertnamalar durmuşa geçirildi diýip, tatar tarapy belledi. Bularyň hataryna soňky üç ýylyň dowamynda «KAMAZ» awtoulagynyň 2 müňe golaýynyň getirilmegi degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dört welaýatynda okuw-hyzmat ediş merkezleriniň bölümleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Maý, iýun aýlarynda olaryň ikisini açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 
Geçen ýylyň aýagynda bolan saparyň netijeleri boýunça «Tatneft» ugry Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy we bu işiň dowamy hökmünde şertnamalaryň möhleti uzaldyldy. Goturdepe nebit ýatagynda gara altynyň çykarylyşyny artdyrmak barada wezipe goýuldy. 2021-nji ýylda türkmen bazary we beýleki russiýaly öndürijiler «Tatneft» Toparynyň kärhanalarynyň umumy bahasy 56 mln manatdan gowrak (1,35 mlrd rubl) bolan çig mala girmeýän önümler bilen üpjün edildi.
Şeýle-de, daşary ýurtlardan gelýän önümiň ornuny tutjak taslamalar, esasanam, nebit senagatyna degişli enjamlary abatlamak boýunça önümçiligi guramak işi hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bolup durýar.
Aşgabat Tatarystany Russiýanyň ykdysady we senagat taýdan iň bir ösen sebitleriniň biri hasaplaýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we ysnyşykly hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmäge taýýardygyny ynandyrdy.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......