Serdar Berdimuhamedow bedew baýramy mynasybetli watandaşlarymyzy gutlady

  • 24.04.2022 13:39
  • 6.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 24-nji aprelde behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli watandaşlarymyzy gutlady.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: “Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler aýratyn orun eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Milli buýsanjymyz bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr” diýip, Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw we ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz hem-de ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň şertleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga-da aýratyn üns berilýär. Ussat seýisleridir çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......