Ferrari tormozyndaky kemçilik sebäpli, Hytaýda 2,2 müňden gowrak sportkaryny yzyna alýar

  • 23.04.2022 15:07
  • 10k+

Sport çapyşyk awtoulaglarynyň italýan öndürijisi Ferrari tormoz ulgamyndaky näsazlyk bilen bagly hytaý bazaryndan 2,2 müňden gowrak ulagy yzyna alýar. Bu barada anna güni HHR-yň bazaryny düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi habar berdi.

"2022-nji ýylyň 30-njy maýyndan başlap italýan öndürijisi 2010-njy ýylyň 2-nji martyndan 2019-njy ýylyň 12-nji martyna çenli döwürde öndürilen 458 Italiýa, 458 Speciale,458 Speciale A, 458 Spider, 488 GTВ we 488 Spider seriýaly awtoulaglaryň bir bölegini yzyna alýar. Jemi 2 222 awtoulag yzyna kabul ediler" diýip, düzgünleşdirijiniň habarynda aýdylýar.

Müdirligiň anyklamagyna görä, agzalan modellerde tormoz suwuklygynyň syzýan ýeriniň bolmagy mümkin, bu bolsa tormozyň işleýşini peseldip ýa-da tormoz ulgamynyň ýatmagyna getirip biler.


düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 08:16
2.8k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......