Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy

  • 24.04.2022 00:59
  • 9.4k+

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara Hökümetiň 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Hususan-da, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatynda 2007-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işi aýratyn bellenildi. Toparyň çäklerinde degişli wajyp meseleler yzygiderli çözülýär, bu ugurdaky tagallalar utgaşdyrylýar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, 2011-nji, 2017-nji we 2019-njy ýyllarda pudagara toparyň işi we düzümi kämilleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýadyny düzýän adam hukuklary we azatlyklary, olary goramak hem-de üpjün etmek bilen bagly meseleler möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, maksatnamanyň ynsanperwer ugruny durmuşa geçirmek we pudagara toparyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, toparyň täzelenen düzümini tassyklamak teklip edildi.


düýn 15:42
853

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......