Balkanda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisi ýeňil awtoulag bilen sylaglandy

  • 22.04.2022 05:33
  • 31k+

21-nji aprelde Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar Balkan atçylyk sport toplumynda däp bolan at çapyşyklar bilen başlandy.

Baýramçylyk at çapyşyklaryna atşynaslar, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar. Ýaryşyň maksatnamasyna ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda 8 çapyşyk girizildi.
1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Lebap welaýat häkimliginiň Näzik atly bedewini çapan Y.Gurbanow ýeňiji boldy.
Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1400 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.
Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşda haýsy aty çapyp ýaryşa gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Ahal welaýatyna degişli Gyzylmeýdan diýen at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary B.Sapargylyjowdyr.

Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi B.Sapargylyjow mynasyp boldy.


düýn 11:24
5.4k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.8k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....