Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy

  • 21.04.2022 18:40
  • 12k+

Geçen ýylyň sentýabr aýynda ýogyn içegesinde çiş bardygy anyklanylandan soň, ady rowaýata öwrülen meşhur braziliýaly futbolçy Pele hassahana ýerleşdirilipdi. Ol ýakyn günlerde hassahanadan çykarylar diýip, San-Paulodaky Albert Eýnşteýn adyndaky hassahananyň beýannamasyna salgylanýan Globo habar berýär.

"Onuň kliniki ýagdaýy gowy we durnukly, şonuň üçin tizara hassahanadan çykararlar" - diýip, habarda aýdylýar.

81 ýaşly Peläniň nobatdaky gezek hassahana ýerleşdirilýändigi 19-njy aprelde mälim bolupdy. Onuň saglyk ýagdaýyna hiç hili howpuň abanmaýandygy, hassahana ýatyrylmagy ýene himiýaterapiýa kursuny almak bilen bagly däldigi aýdylypdy.

Pele - futbol boýunça dünýäniň ýeke-täk üç gezek çempiony (1958, 1962,1970). Ol Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüminde 92 oýny geçirdi we 77 gezek gol saldy. Hüjümçi Braziliýanyň "Santos"-ynda (1956-1974) we Amerikanyň "Nýu-Ýork Kosmos"-ynda (1975-1977) çykyş edýärdi. 


şu gün 13:41
2.4k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......