Holand bilen «Mançester Siti» şahsy şertnamanyň şertlerini ylalaşdy

  • 20.04.2022 13:51
  • 7.5k+

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby bilen Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Erling Holand şahsy şertnamanyň şertlerini ylalaşdy. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.

“Mançester Siti” Holandyň “Borussiýa” bilen şertnamasynda 63 mln funt sterlinge (tas 76 mln ýewro) satyn almak mümkinçiligini işjeňleşdirmek isleýär. Ol 21 ýaşly norwegiýaly oýunça bolsa bäş ýyllyk şertnama boýunça hepdede 500 müň funt sterling (600 müň ýewrodan gowrak) tölemäge taýýar. Bu zähmet haky ony Angliýanyň premýer-ligasynyň iň ýokary hak alýan oýunçysy eder. Bellenilişi ýaly, şertnama indiki hepdede baglaşylyp bilner.

Häzirki wagtda ligada “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Kewin de Brýuýne has köp gazanýar (hepdede 385 müň funt sterling töweregi).

Holand 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň “Zalsburgyndan” “Borussiýa” geçdi. Onuň bu klub bilen şertnamasy 2024-nji ýyla çenli niýetlenýär. Ol “Borussiýanyň” düzüminde 85 oýna gatnaşyp, 82 gol girizdi we Germaniýanyň Kubogynyň eýesi boldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......