Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler

  • 20.04.2022 13:28
  • 13k+

HHR-iň sertifikat berýän edaralarynyň bazasynda Hytaýyň Huawei sanlylaşdyrylan äpet kompaniýasy tarapyndan döredilen AITO brendiniň uly krossoweriniň suratlary peýda boldy. M7 wsedorožniginiň suratlaryny Autohome portaly çap etdi

AITO M7-niň ölçegleri 5020x1945x1775mm, teker bazasynyň uzynlygy 2820 mm-e deň. Krossoweri gabarasy boýunça Audi Q7 we Hyundai Palisade bilen deňeşdirse bolar. Ikinji we üçünji hatardaky oturgyçlarda  hersinde iki sany oturylýan ýerden göz öňünde tutulan. 
Awtoulag, batareýa zarýad berýän generator kysmy işleýän, 1,5 litr göwrümli turbomotor bilen enjamlaşdyrylan. Tekerleri çekiji güýç Huawei firmasynyň çykarýan kuwwaty 272 at güýjüne deň bolan elektromotoryndan gelýär.

M7 krossoweri AITO brendiniň ikinji modeli boldy. Birinji model bolan M5 Hytaýda 248 müň ýuan bahadan satylýar.


21.05.2026 11:31
6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.5k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....