iPhone 14-iň maketleriniň ilkinji janly suratlary görkezildi

  • 19.04.2022 11:53
  • 34k+

Çeşme aksessuar öndürijiler tarapyndan çehol çykarmak üçin ulanylýan, iPhone 14, iPhone 14 Pro, iPhone 14 Max we iPhone 14 Pro Max smartfonlarynyň maketi görkezilen ilkinji janly suraty çap etdi.

iPhone 14-iň hatarynda iPhone 14 mini modeliniň bolmajakdygy öňem kän gezek aýdylypdy, bu suratam şony  tassyk edýär.
Bu ýyl bize ekrany iki kesikli 6,1-dýumly iPhone 14 Pro we 6,7-dýumly iPhone 14 Pro Max, şeýle hem maňlaý kesigi saklanan 6,1-dýumly iPhone 14 we 6,7-dýumly iPhone Max  garaşýar.
Öň habar berlişi ýaly, iPhone 14 Pro-nyň we Pro Max-yň, şekiliň täze 48-megapiksellik datçigi bolany sebäpli, modulynda ep-esli ulaldylan kamerasy bolar. Bu agzalan suratda aýdyň görünýär. Üstesine, iPhone 14 we iPhone 14 Max iki datçigi iPhone 13-iňki ýaly ýerleşen kameranyň kiçeldilen modulyny alar.
Suraty çap eden çeşme iPhone 14 Pro-nyň we Pro Max-yň iki kesikli täze bezege eýe boljakdygyny tassyklaýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...