18-nji aprelde Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna Hezreti Omar metjidinde agzaçar sadakasy berler

  • 17.04.2022 14:48
  • 23k+

Ertir — 18-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow kakasy Mälikguly agany ýatlap, Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde agzaçar sadakasyny berer. Şol gün Mälikguly Berdimuhamet oglunyň dünýäden ötenine bir ýyl bolýar. Bu barada 15-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda berlen agzaçar sadakasynda Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, mübärek Remezan aýynda agzaçar sadakasyny bermek paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, 15-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Serdar Berdimuhamedow pederleriniň baky aram tapan ýerine geldiler. Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde bolsa agzaçar sadakasy berildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......