Dünýäde söwdanyň ösüş depgini tas iki esse peseler

  • 16.04.2022 12:50
  • 7.9k+

Bütindünýä söwda guramasy (BSG) 2022-nji ýylda global söwdanyň ösüş depgininiň öň garaşylan 4,7%-den 2,4 – 3%-e çenli peseljekdigini çaklaýar. Bu barada BSG-niň sekretariatynyň Ženewada neşir edilen hasabatynda aýdylýar. Muny Day.Az ýetirýär.

“Bu çökgünlik global JIÖ-iň ösüş depgininiň 0,7 – 1,3 göterim punkt peselmegine getirip biler, netijede ösüş 3,1% bilen 3,7%-iň aralygynda bolar. Bu modelirlemä görä, şu ýyl global söwdanyň ösüş depgini tas ýarysyndan peselip biler: geçen ýylyň oktýabr aýyndaky çaklamalarda bellenilen 4,7%-den 2,4 – 3%-e çenli” – diýip, BSG-niň sekretariaty belledi.

Bellenilişi ýaly, söwdanyň we önümçiligiň göwrüminiň azalmagy azyk önümleriniň we energiýanyň bahalarynyň ýokary bolmagy, şeýle-de Russiýa hem-de Ukraina tarapyndan eksport edilýän harytlaryň elýeterliliginiň azalmagy sebäpli tutuş dünýä ilaty tarapyndan duýlar. Esasanam, adam başyna düşýän girdejisi pes bolan döwletler üçin ýagdaý kyn bolar, sebäbi olar baý ýurtlara garanyňda girdejileriniň ep-esli bölegini azyk önümlerine sarp edýärler. “Bu syýasy durnuklylyga täsir edip biler” – diýip, hünärmenler belleýär.

Olar Russiýa bilen Ukrainanyň “esasy önümler”, aýratynam azyk önümleri we energiýa bilen üpjün edijilerdigini ýatlap geçdiler. “Russiýanyň we Ukrainanyň eksporty üçin esasy ugur bolan Ýewropa ykdysady netijeleriň esasy kynçylygyny çeker” – diýip, sekretariat belleýär. Hasabatyň awtorlary gowşak sebitler hökmünde Afrikany we Ýakyn Gündogary hem bellediler, sebäbi olar Russiýadan we Ukrainadan zerur bolan dänäniň ýarysyndan gowragyny import edýärler. 


29.10.2025 17:53
3.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy...

10.04.2025 15:34
7k+

Wise-premýer H.Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

9-njy aprelde Ženewa şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň...

18.09.2024 12:25
2.1k+

Türkmenistan BSG-e agza bolmagyň çäklerinde daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýeti bilen ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini...

27.04.2024 23:06
4.5k+

Türkmenistan BSG agza bolmagyň ugrunda: Hökümet toparyň mejlisi geçirildi

26-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu...