Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň Prezidentleriniň sammitine taýýarlyk işleri dowam edýär

  • 15.04.2022 16:17
  • 15k+

Ýurdumyzda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu barada 14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda 2022-nji ýylda geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda bu ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda bilelikdäki giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunda energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Üçtaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Şunda döwletara medeni-ynsanperwer gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyklar geljegi uly mümkinçilikli usul bolup durýar. Şolar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýär» diýip, sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 22:17
0

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

şu gün 19:20
1.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......