«Barselona» gaýtdy: Ýewropa ligasynyň ýarym final jübütleri belli boldy

  • 15.04.2022 07:00
  • 10k+

UEFA Ýewropa ligasynyň ýarym final jübütleriniň ählisi kesgitlendi. Ýaryşy iňlisleriň «West Hem Ýunaýted», nemesleriň «Aýntraht» we «RB Leýpsig», şeýle hem şotlandlaryň «Reýnjers» toparlary dowam eder.

Çärýek finalda fransuzlaryň «Lion» klubuny ýeňen (1:1, 3:0) «West Hem» ýarym finalda katalonlaryň «Barselonasyndan» üstün çykan (1:1, 3:2) «Aýntraht bilen duşuşar.
1/4 finalda italýanlaryň «Atalantasyny» ýeňen (1:1, 2:0) «RB Leýpsig» ýarym finalda portugallaryň «Bragasyndan» üstün çykan (0:1, 3:1) «Reýnjers» bilen duşuşar.
UEFA Ýewropa ligasynyň ilkinji ýarym final duşuşyklary 27-nji we 28-nji aprelde, jogap oýunlary 4-nji we 5-nji maýda geçiriler. Ýewropa ligasynyň finaly 18-nji maýda Sewilýada «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....