KHBS: Lewandowskiý “Barselona” bilen şertnamany ylalaşdy

  • 13.04.2022 14:30
  • 12k+

Polşanyň milli ýygyndysynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowskiý tomusky transfer penjiresinde “Barselona” geçmek barada ylalaşdy. Bu barada sport.interia.pl habar berýär.

Portalyň maglumatlaryna görä, taraplar Lewandowskiniň “Bawariýa” bilen şertnamasynyň 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýändigine garamazdan, şu tomus üç ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar. “Barselonadan” başga-da, “PSŽ”, “Mançester Siti” we “Liwerpul” transfer bilen bagly gepleşikleri geçirdi. 
Geçmek baradaky soňky söz “Bawariýanyň” tarapynda galýar. Bellenilişi ýaly, Mýunheniň klubunyň ýolbaşçylygy 33 ýaşly hüjümçiniň geçmegini gadagan edip biler. Ýöne neşir Lewandowskä ýakyn çeşmelere salgylanyp, polşaly hüjümçiniň “Barselona” geçmek ähtimallygynyň has ýokarydygyny nygtaýar.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......