Tramp 5 mln dollara “altyn kart” almak üçin arzalary kabul ediş saýtyny işe girizdi

  • 13.06.2025 12:24
  • 18k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni bahasy bäş million dollar bolan “altyn karty” – ABŞ-da  hemişelik wizany almak maksady bilen arzalary tabşyrmak üçin saýtyň işe girizilendigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, wiza almak üçin nobat eýýäm açyk.

“Müňlerçe adam nähili hasaba alynmalydygyny soramak üçin jaň etdi” – diýip, Tramp sosial ulgamlarda habar berdi.

Ozal, aprel aýynda Prezident Air Force One uçarynyň bortunda ilkinji gezek “altyn kartyň” nusgasyny görkezipdi. Kartda onuň ýüzi şekillendirilen. Şeýle-de, ol “Trampyň kartynyň” iki hepdäniň dowamynda elýeterli boljakdygyny aýtdy.
Wizalar häzirlikçe berilmeýän bolsa-da, isleg bildirýänler täze programma bagyşlanan TrumpCard.gov saýtynda öz maglumatlaryny galdyryp biler diýip, Fox teleýaýlymy habar berýär.
ABŞ-da häzirki wagtda hereket edýän EB-5 programmasy daşary ýurtlulara belli bir mukdarda maýa goýmak bilen wiza almaga mümkinçilik berýär. Ýöne Trampyň administrasiýasy bu programmanyň adalatsyz ulanylýandygyny we onuň “altyn kart” bilen çalyşmaga mätäçdigini nygtaýar.

“Baý adamlar bu karty satyn alyp, bu ýurda geler. Olar baý, üstünlikli bolar, olar köp pul sarp eder, köp salgyt tölär we köp adamlary işe alar” – diýip, fewralda Ak tamyň ýolbaşçysy aýdypdy. Ol ABŞ-nyň million töweregi şeýle kartyň satuwyndan peýda gazanyp biljekdigini belledi. 


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......