“Real” “Riwer Pleýtiň” 17 ýaşly oýunçysy Mastantuono üçin €63,2 mln töledi

  • 14.06.2025 13:22
  • 8.1k+

Madridiň “Realy” Argentinanyň “Riwer Pleýt” klubunyň 17 ýaşly wingeri Franko Mastantuononyň transferi üçin 63,2 mln ýewro töledi.

Bu transfer Argentina futbolynyň taryhynda iň ulusy boldy diýip, “Riwer Pleýt” toparynyň metbugat gullugy belledi.
Klub umumy mukdardan gönüden-göni 45 mln ýewro alar. Galan bölegi dürli töleglere sarp ediler.
Şeýlelikde, 11,8 mln ýewro Ispaniýanyň salgyt gullugyna, 1,4 mln ýewro Argentinanyň futbolçylar birleşigine, 0,9 mln ýewro Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň (AFA) gaznasyna, 3,6 mln ýewro sosial ätiýaçlandyryşa gönükdiriler. Ýene 0,5 mln ýewro gaýry çykdajylar bolar.


düýn 17:37
3.7k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
4.5k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.6k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.5k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....