Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy

  • 13.06.2025 09:48
  • 22k+

12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi.

Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi. Ol ýaşaýyş sebitine, lukmanlar üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň binasyna gaçdy.
Bortda 242 adam – 230 ýolagçy, iki uçarman we 10 ekipaž agzasy bardy. ANI agentligi Ahmadabadyň polisiýa gullugynyň başlygyna salgylanyp, azyndan bir ýolagçynyň diri galandygyny habar berdi. Ol hassahana ýerleşdirildi.
Boeing 787 Dreamline uçar modeli iň ygtybarlylaryň hataryna girýär. Bu model ilkinji gezek 2009-njy ýylda asmana galdy, 2011-nji ýylda bolsa täjirçilik ulanylyşyna başlady. 15 ýylyň dowamynda Dreamliner bilen bagly awiaheläkçilik hasaba alynmandy – Ahmadabatdaky heläkçilik ilkinji çynlakaý waka boldy diýip, KHBS belleýär.
Uçar Boeing amerikan awiaöndürijisiniň flagman uçary hasaplanýar. Ol ýangyjy az sarp etmegi, sessiz salony bilen tapawutlanýar we 13 500 km-den gowrak aralygy geçmäge ukyplydyr. Onuň gurluşynda ýeňil we berk materiallar ulanyldy.
Şol bir wagtyň özünde, 2013-nji ýylda dünýäde Dreamliner uçarlarynyň (49 uçar) ulanylyşy ýapon awiakompaniýalarynyň uçarlarynda litiý-ion akkumulýatorlarynyň ýanmagy bilen bagly iki hadysadan soň wagtlaýyn togtadyldy. Şol wagt ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) barlag geçirilýänçä bu uçarlaryň uçmagyny wagtlaýyn gadagan etdi.
Boeing kompaniýasynyň paýnamalary heläkçilikden soň ABŞ-daky deslapky söwdada tas 8% pese gaçdy diýip, Reuters ýazýar.


17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.7k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

05.12.2025 18:06
13k+

Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar

Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär...