Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär.
Kuala-Lumpur – Pekin ugry boýunça MH370 gatnawyny amala aşyran Boeing uçary 2014-nji ýylyň 8-nji martynda, uçuşdan 40 minutdan soň ýitdi. Bortda 227 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bardy. Giň gerimli halkara tagallalara garamazdan, howa gämisiniň ýerleşýän ýeri häzire çenli belli bolmady.
Gözleg işleri arakesmeleri hasaba almak bilen 55 gün dowam eder diýlip meýilleşdirilýär. Bu gezek üns, bilermenleriň pikiriçe, ýiten uçary tapmak ähtimallygy ýokary bolan sebitlere gönükdiriler. Işleriň geçiriljek ýerleriniň takyk koordinatlary mälim edilmeýär.
Hindi ummanynyň düýbüni barlamak üçin suwasty robototehnika ýöriteleşen Ocean Infinity amerikan kompaniýasy işe çekildi.
Gözleg işleri 2024-nji ýylyň ahyrynda-da gaýtadan dikeldilipdi, ýöne 2025-nji ýylyň ýazynda oňaýly möwsümiň tamamlanmagy sebäpli togtadyldy. Ocean Infinity kompaniýasy uçary ýedi ýyl ozal tapmak synanyşygyna gatnaşypdy. 2024-nji ýylyň martynda kompaniýa uçaryň döwük bölekleriniň bolup biljek ýeri barada täze subutnamalaryň bardygyny habar berdi.