Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi

  • 11.06.2025 11:32
  • 15k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary  Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) geçirdiler. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Supaçai Çaided (35-nji minutda) geçirdi. 
Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Şri-Lankanyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Hytaý-Taýpeýiň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. 
Gazanan ýeňşinden soň 6 utuk toplan milli ýygyndymyz toparçada birinji orny eýeleýär. 3 utukdan toplan Tailandyň hem-de Şri Lankanyň ýygyndy toparlary bolsa ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar. 
Milli ýygyndy toparymyz nobatdaky duşuşygyny 9-njy oktýabrda myhmançylykda Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.
Ýeri gelende bellesek bije çekişligiň netijelesi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alypdy.
Saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary myhmançylykda Hytaý Teýpeýiniň milli ýygyndysyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Tailandyň ýygyndysy bolsa Şri-Lankankadan 1:0 hasabynda üstün çykypdy.
Saýlama oýunlaryň çäklerinde Röwşen Meredowyň tälim berýän ýygyndy toparymyz alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......