«Willareal» «Bawariýany» geçip, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy

  • 13.04.2022 06:05
  • 7.7k+

Ispaniýanyň «Willarealy» Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Mýunheniň «Bawariýasy» bilen deňme-deň oýnap, ýaryşyň ýarym finalyna çykmaga hukuk gazandy.

Mýunhende geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýelerinden Robert Lewandowski (52-nji minut), myhmanlardan Samu Çukwueze (88) tapawutlandy. Ispaniýada geçirilen birinji duşuşyk «Willarealyň» peýdasyna 1:0 tamamlanypdy.
Ýarym finalda «Willareal» «Benfika» — «Liwerpul» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.


şu gün 14:19
687

«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar

Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady...

düýn 16:35
6.6k+

«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy...

düýn 08:46
6.3k+

"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy

"Barselonanyň" we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýyldyzy Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan "Liga 3-de" çykyş edýän "San-Žuan-de-Wer" klubunyň şärikdeş eýesi boldy. "Klubumyzyň taryhynda täze bir sahypa açylýar...

düýn 08:39
6.4k+

FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär...