«Real» «Çelsiden» ýeňildi, emma Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy

  • 13.04.2022 05:59
  • 10k+

Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Londonyň «Çelsi» kluby myhmançylykda Madridiň «Realyndan» üstün çykdy, emma iki oýnuň jemleri boýunça ýarym finala çykyp bilmedi.

Bu klublaryň arasyndaky Londonda geçirilen birinji oýun «Realyň» peýdasyna 3:1 tamamlanypdy. Jogap oýny barada aýdylanda, onuň esasy wagtynda «Çelsi» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. London klubundan Meýson Maunt (15-nji minut), Antonio Rýudiger (51) we Timo Werner (75) tapawutlandy. Ýer eýelerinden Rodrigo (80) gol geçirdi. Goşmaça wagtda Karim Benzema (96) «Realy» ýarym finala çykaran goly geçirdi. Umumy hasap — 5:4 boldy.
Belläp geçsek, «Real» Çempionlar ligasynyň 13 gezek ýeňijisi boldy.
Ýarym finalda «Real» «Mançester Siti» — «Atletiko» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
«Çelsi» Çempionlar ligasynyň ýeňijisiniň adyny gorap bilmedi.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......