Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygyna açylan sergä we maslahata gatnaşyjylary gutlady

  • 12.04.2022 09:55
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy mynasybetli Gutlag iberdi.

Döwrebap derejede guralan serginiň hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda: «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär» diýip belledi.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gysga döwrüň içinde özlerine bildirilen ynamy ödäp, abraýly netijeleri gazanmagy başarandyklary buýsançly ýagdaýdyr. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda durmuşa geçirilen iri taslamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, gurlup, halkyň hyzmatyna berlen «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» bölegini, söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat «Aşgabat» binalar toplumyny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly açylyp, işe girizilen döwrebap ýyladyşhanalary we onlarça iri senagat kärhanalaryny görkezmek bolar.


düýn 18:15
2.2k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

28.01.2026 13:31
1.9k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...